Ï Tanymal we ýaňy döredijilige başlan nakgaşlar öz eserlerini V Aziada bagyşlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tanymal we ýaňy döredijilige başlan nakgaşlar öz eserlerini V Aziada bagyşlaýarlar

view-icon 982
Tanymal we ýaňy döredijilige başlan nakgaşlar öz eserlerini V Aziada bagyşlaýarlar
Daşoguzly nakgaş Merdan Kakabaýew we onuň Gubadag etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebinde sapak berýän okuwçylary „Aşgabat 2017“ Oýunlaryna bagyşlap suratlar tapgyryny çekdiler. Olaryň suratlary Daşoguz welaýatynyň Taryhy-medeni muzeýiniň zallarynyň birinde görkezilýär. „Türkmen göreşi“, „Bedew“, „Aziadanyň çaparlary“ we Olimpiýa stadiony“ suratlary, şeýle hem ak mermere bürenen Aşgabadyň binagärlik gözellikleri uly möçberli sport baýramyna --Ýapyk binalrda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna garaşmagyň tolgundyryjy pursatlaryny beýan edýär.

Merdan Kakabaýewiň döredijilik tilsimi reňkleriniň sazlaşygy, öwüşginleri nygtaýşy, çotgasynyň okgunly we möçberli işledip, eserleriniň duýgusyny inçelik bilen beýan edişinde tapawutlanýar. Onuň okuwçylarynyň sport mekdepleriniň gündelik durmuşyndan ýaşlyk hyjuwyny görkezýän pursatlary durmuşylygy we gurluş çeperligi bilen saýlanýar.

Ýapyk binalrda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda sport we sagdyn durmuş ýörelgesi mowzugy durmuşymyza çuňňur ornaşdy. Oýunlaryň nyşanlary paýtagtymyzyň, welaýat merkezleriniň, şäherleriň we obalaryň esasy bezegine öwrüldi. Daşoguzyň welaýat kitaphanasynda Aşgabat Aziadasy mynasybetli gurnalan kitap sergisinde tomaşaçylar sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan eserler bilen tanşyp bilerler.