Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedow öz 80 ýaş toýunda çeperçilik sungatynyň köpsanly muşdaklaryna, kärdeşlerine we okuwçylaryna öz baý döredijiligine sapar etmäge mümkinçilik berdi. Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda gurnalan özbaşdak sergisinde ussadyň suratlarynyň 300-den gowragy goýlupdyr.
Dag içindäki Bendesen obasynda dünýä inen nakgaş daglardyr gülälekleriň arasynda ösüp kemala geldi. Ýaz gelende baýyrlar elwan güllere bürenýärdi. Şol gözelligi görmäge göz gerekdi. Nakgaş: „Şeýle ajap ýerde doglamsoň, nakgaş bolman bilmedim“—diýýär. Bäş çaga atadan ir galan bolsa-da, Annadurdy Almämmedowiç çagalyk ýyllaryny ýylgyryp ýatlaýar. Agasyna kolhoz dowarlaryny bakmaga kömekleşende ol daglaryň humarlaýjy arassa howasyndan dem alyp, doguk iliniň gözelligine guwanardy.
1948-nji ýylda Almämmedowlaryň maşgalasy Gyzylarbada (häzirki Serdar şäherine) göçüp gelýär. 11 ýaşly alçajyk oglanjyk çagalar öýünde terbileýelenýänleriňkä kän barardy, olaryň arasynda geljekki tanymal nakgaş Durdy Baýramowam bardy.Olar dostlaşyp, futbol oýnardylar, surat çekerdiler. Sungata imrigmesi olary ömürlik dostlaşdyrdy.
1954-nji ýylda olar Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik ýörüte orta mekdebine, ýöne aýry bölümlere okuwa girdiler. Annadurdy sahna bezeginiň syrlaryny öwrenýärdi. Kiçeňräk şäherden gelen oglan teatryň nämedigini bilmänsoň ol geljekki hünärine doly düşünibem bilmeýärdi. „Knýaz Igor“ onunyň sahna bezegini ýerine ýetiren mugallymy Pýotr Kondratýewiç Ýerşow ony teatr bilen tanyşdyrypdy. Ýigedkçe teatra şeýle bir imrigdi welin, ol sahna bezeglerini höwes bilen ýerine ýetirrip ugrady.
Annadurdy ykbalyny teatra baglamak isledi, şonuň üçinem ýörüte orta mekdebi tamamlan dessine Daşkendiň A.N. Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutyna okuwa girdi. Soňra Ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş nakgaşy bolup işledi. Sergide onuň sahna bezeglerine aýratyn bölüm berlipdir. Ençeme ýyllaryň dowamynda ol baýraklar, diplomlar, hormat hatlary bilen sylaglandy... Ýöne sahna bezeginiň ornuny žiwopis eýeledi. Duýgylaryny surata salmaga höwes döredi. Çünki ol iň owadan daglaryňdyr bägülleriň mekanyndandy. Ol erjellik bilen yzly-yzyna eser döredip başlaýar.
Sungaty öwreniji Altynjemal Baýlyýewanyň takyk belleýşi ýaly, Annadurdy Almämmedowyň döredijiliginiň bir aýratynlygy- ol öwüt beriji häsiýetli däl. Ol jemgyýetdäki haýsydyr bir nogsanlygy ýazgaryp, nähili ýaşamalydygyny öwretjek bolmaýar. Onuň raýatlyk ýörelgesi-dogduk ülkesine bimöçber söýgüsidir. Nakgaş dag manzarlarynyň birine „Rowaýat“ diýip at beripdir, dogrusy onuň çeken dag suratlarynyň ählisine şeýle at berse boljak. Annadurdy Almämmedow dagyň her ýerinii takyk görkezjek bolmaýar-da, ony nähili duýýan bolsa, şeýle-de beýan edýär. Şunda onuň sahna bezegçisi bolandygy görnüp dur.
Awtor dag manzarlarynyň birine „Magtymgulynyň gören daglary“ diýäýmän, ony „Pyragyny gören daglar“ diýip atlandyrypdyr. Onda nakgaşyň şahyra belent sarpasy duýulýar. Surata bakdygyňça Magtymgulynyň hem bu daglara seýran edip, oňa haýran galandygyny aňýarsyň.
Nakgaş hat-da „Ejemiň portreti“ diýen eserini-de halynyň ýa-da nar agajynyň öňünde çekäýmän, dag öňünde şekillendirmek bilen dogduk ili bilen gandüşer gatnaşygynyň barlygyy nygtapdyr. Onuň döreden portretlerinden „Çary Öwezowyň portreti“ we „Owganystana sapar“ suratlar toplumyndan „Owganly gojanyň portreti“ eserleri has şowly çykpdyr.
Nakgaş gülleriň suratyny çekmegi-de halaýar. Ol her dürli gülleri çeper şekillendirse-de, bägüller onda aýratyn orun tutýar. Ol bägülleri ýüzlerçe gezek çekse-de, olar bir-birine asla meňzemeýär. Ine, bu çemendäki her gül haýran etse, beýlekisinde özüne üns berilýänine geň galýan ýaly, başga birinde bolsa, gülleria argyn başy sallanyp, olar uka giden ýaly görünýär...
Döredijilik işi bilen birlikde Annadurdy Almämmedowiç ýaşlara hünär hem öwredýär. Ol Daşkendiň teatral-çeperçilik institutyny tamamlan dessine çeperçilik ýörüte okuw mekdebinde sapak berip başlady. Çeperçilik akademiýasynyň açylmagy bilen bu ýerde hem halypalçylyk işini dowam edýär. Onuň okuwçylarynyň köpüsi indi tanymal nakgaşlar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň eserleri sergileriň ençemesinde görkezildi.