Ï Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada maglumatlar bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada maglumatlar bar

view-icon 2421
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada  maglumatlar  bar
Türkmenleriň ozaldan galan kesp-kärleriniň arasynda awçylyk käri hemme ýerde ýörgünli bolupdyr. Aw haýwanlaryna baý türkmen topragy suw guşlaryny, towşan, keýik, tilki, möjek, iri ýyrtyjylary awlamaga uly mümkinçilik beripdir. Türkmenisyanyň Merkezi döwlet arhiwiniň taryhy arhiw resminamalarynda, hususan-da 1882-1917-nji ýyllaryň “Zakaspiý oblastynyň maglumatlarynda” erkek adamlaryň hakyky pişesi bolan milli aw ýörelgeleriniň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlar bar.

Gojalaryň aýtmagyna görä, peleň, bars, geçigaplaň we dag aýysy ýaly iri ýyrtyjylar Köpetdagyň barmasy kyn jülgelerinde, şeýle hem Sumbar, Etrek we Tejen derýalarynyň gür jeňňelerinde mekan tutupdyrlar. Ýeri gelende aýdylsa, ýyrtyjylar esasan öý haýwanlaryna hüjüm edende, çopanlara we öý haýwanlaryna howp salanda awlanylypdyr. ХIХ asyryň ahyrynda ХХ asyryň başynda dag eteklerinde şäherleriň we obalaryň kemala gelmegi bilen haýwanlar has daşa, ýabany daglyk ýerlere gidipdirler. Demir ýol hajatlary üçin tokaýlaryň çapylmagy netijesinde ýyrtyjy haýwanlaryň köňpüsi has daşa-- Demigazyk Horasanyň gür dag tokaýlaryna siňipdirler. Ýöne haýwanlar gaty köp bolansoň, olaryň aglaba bölegi ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşapdyr.

Özi-de Horasanyň ilaty “peleň” we “bars” sözüni eşidenden howsala düşen bolsa, (bu-da ýyrtyjylaryň öý haýwanlaryny gorky-ünjüsiz parçalamagyna ýol açypdyr), türkmen awçylaryndan sypmak olara kyn düşüpdir: olar ýa okuň pidasy bolupdyr, ýa-da gapana düşüpdir. Zakaspiý oblastyny öwrenenler öz ýazgylarynda “duzak gurmakda ýewropaly awçylar türkmenlerden ejiz gelýärler”—diýip belläpdirler.

Türkmen awçylarynyň gözi ýiti bolupdyr; olar uzak aradanam ýyrtyjylary görüp, islendik ösümligiň arasyndan saýgarmagy başarypdyrlar. Dag ýodalaryna bäş barmagy ýaly belet mergenler hiç haçan ýyrtyjynyň ýazzy maňlaýyndan çykaýmandyrlar, bukdaklap oňa şeýle golaý barypdyrlar welin, ýyryja ýeke okam ýetik bolupdyr.

Türkmen awçylary çagalykdan garry mergenleriň gözegçiliginde ok atmagy öwrenipdirler. Ýetginjek bir okda şemala yrgyldap duran gamyşy urup bilse, synagdan geçen hasaplanylypdyr. Türkmenleriň aw ýaragy--gundagy egri, niliniň aşagy aýakly tüpeň bolupdyr. Daşyndan göräýmäge sadaja bolsa-da, türkmen tüpeňiniň atyşynyň kemi bolmandyr, ol 300 ädimden haýwany öldüripdir.

Mergeniň aw eşigi çal-sarymtyl-mele reňkli bolup, ol ýyrtyjy haýwanyň gözüne ilmez ýaly ýerli şertlere ýakyn reňkde bolupdyr. Ýanyna ol diňe çörek, käte bolsa dynç alanda ot ýakyp bişirer ýaly biraz un alypdyr. Awçylar hiç haçan ýanyna suw almandyrlar, çünki nirede çeşme ýa-da kak suwunyň bardygyny gowy bilipdirler. Tejribeli mergen awa gidende suw içmändir-de, diňe agzyny çaýkap oňupdyr.

Ýaragly aw etmek barada gürrüň edilende ХIХ asyryň ahyrynda tüpeňiň aşa gymmat bolandygyny, oňam her kime ýetdirmändigini bellemek gerek, şonuň üçinem olar dünýe ýaly gadymy gural--duzak ulanypdyrlar. “Zakaspiý oblastynyň maglumatlarynda” bellenilişi ýaly, Merw uýezdinde her ýyl gyşda mergenleriň ýüzlerçesi duzak gurup, tilki, möjek tutupdyrlar. Barjamlyrak awçylar tazy saklapdyrlar, olary atlarçarak goraglap-apalapdyrlar.

Hazar kenarynyň awçylary esasan suw guşlaryny awlapdyrlar. Olary tor, hepbik bilen tutupdyrlar. “Zakaspiý oblastynyň maglumatlarynda” ördek tutmakda şeýle üýtgeşik usul ulanylandygy bellenilýär. Ullakan garpyzyň üçden bir bölegi kesilip, onuň içini arassalapdyrlar, onsoň onda göz üçin deşik edipdirler. Ýalaňaçlanan awçy ony kellesine geýip, suwa giripdir—suwda diňe ýüzüp ýören garpyz görnüpdir. Ördekleriň nirdedigini görüp duran awçy olara golaý baryp, guşuň özüne ýakyn gelerine garaşypdyr. Bilesigeliji ördek garpyza golaý gelenden, awçy onuň aýagyndan tutup, gagyldap ýetişmänkä çakganlyk bilen suwuň aşagyna çekipdir. Olar şeýle bir ussat bolupdyr welin, suwdaky garpyz asla gymyldamaýanam eken. Ussat awçy bir gezekde alty-ýedi ördek tutupdyr.

Türkmenler ugurtapyjy, gaýduwsyz, awy ganly mergene uly hormat goýupdyrlar. Olaryň at-abraýy dag aşypdyr. Çyn mergeniň ady ol dünýeden gaýdandan soňam ýitip gitmändir. Mazar başyndaky agaçda ýabany haýwanlaryň şahy goýlan atly-mertebeli mergeniň guburyna diňe dogan-gardaşy däl, eýsem töwerekdäki obalaryň ilaty-da zyýarat edip, oňa hormat goýupdyr.