Sergide amaly-haşam sungaty eserleri, gadymy we häzirki zaman şaý-sepleri, žiwopis eserleri we ildeş zenanlarymyzyň fotoportretleri, ýüpek keteniden tikilen we el keşde salnan milli zenan egin-eşikleriniň nusgalary, haly we haly önümleri goýlupdyr.
Serginiň halk döredijiliginiň dürli ugurlary we türkmen zenanlarynyň elinden çykan işleri bilen tanyşdyrýan bölümleri däp-dessurlarymyzy dowam edýän zenanlaryň ýurduň taryhynda eýeleýän orny barada giňişleýin düşünje berýär.
Sergi çeper ýörelgeleriň kemala gelşine syn etmäge we taryhy-medeni mirasyň hem-de täzeçillikleriň sazlaşykly utgaşygyna baha bermäge mümkinçilik berýär.