Ï Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew

view-icon 7667
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Türkmen kinosynyň ägirtleri: Artyk Jallyýew
Artyk Jallyýewe özi bir durşuna teatr, ot ýaly dogumly, galjaň, ýetişikli adam diýýärdiler. Improwizasiýa ussady Artyk Jallyýew henek atyp, degşip-gülüşmegi halardy, dilewardy, fantaziýasy gaty güýçlidi, hem režissýor, hem artist bolansoň käbir sahnajyklary dagy ýüzugruna oýlap tapaýardy. Ol nirde bolaýsyn—isle kino surata düşürülýän ýer, ýa dost-ýarlarynyň arasymy ýa-da tomaşaçylar bilen duşuşyk—tapawudy ýok—baran ýeri şatlyk-şagalaňdyr. Misli magnitiň bar-da--- töweregi mydam adamlydyr.

Aktýorlyk onuň ganynda bardy. Ýöne bu höwesi beýlekileriň agzyna öýkünmek isleginden däl-de, ozaly bilen özüniň kimdigini tanatmaga başbermez höwesinden döräpdi. Mekdepde görkezilýän oýunlaryň ählisine gatnaşan Artyk mekdebi tamamlandan soňam öz dogduk obasy Bagyrdan Aşgabadyň bazarlaryna gap-gap gök-miwe önümlerini getirýän döwürlerem şol bir yzygiderli gaýtalanyp duran ýürege düşgünç işi-de degşip-henek atyp, gyzykdyrmaga ökdedi. Bir gezek onuň wäşiligini we gelşikli sypatyny—uzyn boýydyr goçak mawy gözlerini we buýralanyp duran gür saçyny gören kino ýa-da teatr işgärleriniň biri: “Oglan-a, sen doga artist-ä. Sen teatrda oýnamaly ahyry”—diýýär. Onsoň oňa Daşkendiň A.N. Ostrowskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň salgysyny berýärler, bu ýokary okuw mekdbine şol yýl Türkmenistandan ilkinji talyplar toparyny okuwa kabul edýärdiler. Artyk ýüregi bilen okuwa ýapyşyp, özüni aldyransoň, eýýäm üçünji ýyl talyby wagty oňa talyplardan synag derslerini kabul etmegi ynandylar. Onuň geljekki kärdeşi we dosty Baba Annanowam onuň bilen bir ýerde okaýardy. Okuwy tamamlanlaryndan soň institutyň ilkinji uçurymlarynyň baryny Daşoguzyň welaýat teatryna işe iberdiler.

Artyk Jallyýew Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen ilkinji hormatly adyna 25 ýaşynda mynasyp bolupdy. Teatrda az wagtlyk işländen soň sahnanyň özüne darlyk edýänligini duýdy. Häsiýeti boýunça serkerde bolmaly Artyga döredijiligi üçin has giňiş meýdan gerekdi. Şeýle mümkinçiligi diňe kinematograf berip biljekdi. Şeýdibem Artyk tutuş düýrmegi bilen kino sungatyna berilýär. “Aýna” filmindäki ilkinji rolundan soň Alty Garlyýew Artyk barada: “Gör-de duruberiň, bu gök göz ýigit entek kimligini tanadar”—diýipdir diýýärler. Onuň çaky dogry çykýar. “Gündogara tarap on ädim” filminde döreden keşbi ony has uly üstünlige ýetirse, režisýor Bulat Mansurowyň belli “Şükür bagşy” filmi oňa şöhrat getirdi.

Onuň ýordumynyň esasynda rowaýata öwrülen türkmen sazandasy Şükür bagşy hakynda hakyky bolan waka ýatyr. Ol dawany ýarag ulanyp çözmekdegi ret edip, doganyny halas etmek üçin gaýry ýurduň halkynyň ýüregini şirin sazy bilen ýumşatjak bolup, ýat ile goly goşa tar dutarly ýola rowana bolýar. Artyk Jallyýew filmde iki keşp—Eýran hökümdary Mämmetýar hanyň we Turan serdary Çapyk hanyň keşbini döredýär. Artistiň öňünde çylyşyrymly wezipe goýlupdy—ol birbada bäsdeş iki kişiniň bir-birinden düýpgöter tapawutly keşbini döretmelidi. Artyk bu wezipä aňryýany bilen hötde gelýär.

“Şükür bagşy” filmi türkmen kinematografiýasyny dünýä tanadan, durmuşa filosofiki garaýyşly hakyky milli film bolupdy. Ol Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň kinofestiwalynyň birinji baýragyna, Kannda görkezilen ilkinji Orta Aziýa filmi bolup, şol ýerde “”Bäsleşikden daşgary görkezilen iň gowy film” diýen diplomyna mynasyp bolupdy. “Şükür bagşy” filmini döredenler hem Magtymguly adyndaky halkara baýragyna ilkinji mynasyp bolanlardy. Olaryň arasynda Nury Halmämmedow bilen Artyk Jallyýewem bardy. Dogrusy, döwür üýtgäp, baýrak çyn eýesine gowuşýança otuz ýyla golaý wagt geçipdi.

Bulat Mansurow Artyk Jallyýewiň ussatlygyny Ýuriý Trifonowyň romany boýunça “Teşneligiň gandyrylmagy” atly filminde-de ulanypdy. Onda Artyk ýene-de bir-birine çapraz iki gahrymanyň—agras kolhoz başlygynyň we onuň kakabaş, hilegärräk tarktorçy doganynyň, ýüz keşbi meňzeş bolsa-da, häsiýetleri aýrybaşga adamlaryň keşbini döredipdi. Şeýle ussatlyk diňe çyn ussatlara başardýar. Şu işde Artyk ajaýyp komiki artistliginem görkezipdi.

Soňra Baba Annanow bilen Artyk Jallyýew ikisine şöhrat getiren “Aýgytly ädim” filmi surata düşürildi. Bilelikde düşen filmi olary diňe bir kärdeş hökmünde ýakynlaşdyrman, eýsem çyn dostam edipdi. Häsiýetleri düýpli tapawutlansa-da, olar hakyky erkek dostdylar, şunda beýlekisiniň üstünligine görüplige, ownukçyllyga, peýdagärlige, öýke-kinä ýer ýokdy. Olary ýakynlaşdyrýan zat kändi: ikisem zehinlidi, kinosyz durmuşy göz öňüne getirip bilmeýärdiler, ikisem ahal-teke bedewleriniň aşygydy we at münmäge ökdediler. Olara hakda Artyk bilen Baba at münende edil han ýa-da hakyky türkmen ýaly ykjam oturandyr diýýärdiler. Olarda çyn erkege mahsus ynamdarlyk, wepadarlyk, päk ýürek hemem hiç hili galyba sygmaýan erkin pikirlenme endigi bardy. Dostlaryň kinodaky keşplerine ýazylan synlaryň birinde: “Olar kinoda bir-birine gabat gelip, milli çeper nusgawylyga we sungatda müdimilige tarap aýgytly ädim ätdiler”—diýip juda takyk belläpdiler.

Artistleriň arasynda şeýle degişme bar: artist—durşuna emel-u-tilsim toplaýar, olar näçe köp boldugyça, artistiň ussatlygam şonça ýokary diýilýär. Belki, şeýledirem, ýöne artistiň ulanýan nikaby näçe köp bolanda-da, eger döredýän keşplerini ýürek eleginden ötürmese, oňa yhlas siňdirmese, ol tanymal, hat-da meşhur artistem bolsa bolar, emma ilhalar aktýor bolup bilmez. Artyk Jallyýew halk söýgüsini gazanan artistdi. Şonuň üçinem ol diňe bir “Türkmenfilmde” islegli artist bolman, eýsem ony Russiýanyň we Belarusyň kinostudiýalaram surata düşmäge çagyrardylar, özbek we täjik dillerini suwara bilensoň ol “Özbekfilm” hem-de “Täjikfilm” kinostudiýlarynda-da köp filmde surata düşüpdi. Artyga Türkmenistanyň halk artisti ady dakylanda kimdir biri onuň üstüne “Orta Aziýanyňam halk artisti diýip goşmalydylar”--- diýip jaýdar aýdypdy.

Kyrk ýyla golaý döwürde Artyk Jallyýew 120-den gowrak keşp döretdi. Ol eger gahrymany güýçli häsiýetli bolsa, epizodlardaky roldanam ýüz öwürmezdi. Şeýle epizod üçin il aşyp, gaýry ýurduň kinostudiýasyna gitmekdenem çekinmezdi. Ol isle han lybasyny ýa-da esger eşigini, kaşaň eginbaşmy ýa-da garyp jindesini geýsin — tapawudy ýok, isläniň oňa şap bolup durandyr. Ol entegem köp keşp döredip biljekdi, meselem “Çölüň ak güni” filminde garakçy Abdullanyň, “Azat ediş” filom-epopeýasynda Staliniň, Russiýanyň “Şa gelinligi” opera-filminde han Konçagyň keşbine döretmäge çagyrylypdy (Jallyýewleriň maşgalasyndaky arhiwde kinosynagyna çagyrylan dessinhatlar bar), ýöne aktýora bagly bolmadyk sebäplere görä, ol ozalkylardan-da çeper keşpleri döredip bilmändi.

Artyk Jallyýewi tanaýanlaryň ählisi, onuň haýsy işiň başyna barsa, oňa tutuş düýrmegi bilen berlendigini aýdýarlar. Işleýärmi—işlän şekilli, meýlis edýärmi-ýene tutuş düýrmegi, dostlaşanda-da dostluga süňňi-ýüregi bilen berilýärdi. Keşp döreden-de işe şeýle gaýduwsyz ýapyşardy welin, režisýorlar, ol işiň başynda bar hyjuwyny gidiräýmesin diýip: “Artyk, biraz köşeşsene, entek etmeli işimiz kän”—diýerdiler. Emma onuň işe hyjuw--joşgunynyň soňy ýokdy. Kinoda batyrgaý, gaýduwsyz adamlayň keşbini döredişi ýaly, durmuşda-da gözsüz batyrdy. Ençeme ýyldan soňam Daşkendiň teatr sungaty institutyndan Artyga belet mugallymlarynyň biri onuň ogly Saparmuhammetden: “Sen bir kakaň ýaly urşagan dälmi?”—diýip sorapdy. Ýok, Artyk hiç haçan dawaçyl bolmandy, tersine ýumşak hem hoşamaý adamdy, ýöne ejizi goramaly, dostlaryna arka durmaly, gyz abraýy üçin orta çykmaly bolsa, soňuny saýman darkaşardy.

Artyga ownukçyllyk ýa-da baýlyga gyzma häsiýeti ýatdy. Ol uly wezipeli adamlaryňka baryp, özgeler üçin ýüz tutsa tutar, emma abraý-derejesi şeýle belent bolsa-da, özi üçin zat soramazdy. Onuň mylaýymylygydyr adam ogluna mähirliligi şeýle güýçli bolansoň onuň diýenine “ýok” diýen bolmandy.

1968-nji ýylda ýurduň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary Artyk Jallyýewe Daşoguzyň sazly-drama teatryna ýolbaşçylyk etmegi we işgärleri özüniň tapmagyny tabşyrypdylar. Paýtagtly artistleriň welaýata gitmejegini bilip duran Artyk: “Artistleri nirden alaýyn?”—diýip ýerlikli sowal berýär. Oňa: ”Tapan ýeriňden”—diýýärler. Buýruk buýruk bolýar—ony ýerine ýetiräýmeli. Ol uzak pikirlenip durmaýar-da, ir säher bilen Aşgabadyň medeni-aň bilim tehnikumyna gelip, gapynyň agzynda okuwçylara syn edip ugraýar. Ýiti nazary bilen olara siňňin garap, göwnüne ýaran oglandyr gyzlary ýanyna çagyryp: “Haýsy ugurdan okaýaň? Köpçülik çäresini gurnaýjymy? Geç bu ýana, artist bolarsyň. Seň ugruň näme? Klub işgärimi? Gel bäri, aktrisa bolarsyň”—diýip, bir günüň içinde topar ýygnap, olary Daşoguza äkidýär. Wagty bilen Daşoguzyň sazly-drama teatry welaýat teatrlarynyň arasynda iň gowularyň hatarynda tanalyp, bu ýerde işleýänleriň käbiri Türkmenistanyň halk artisti diýen ada mynasyp bolýar.

1995-nji ýylda Artyk Jallyýew Moskwada dünýä kinematografiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralarda SSSR kino sungatynyň ajaýyp ussatlarynyň ýüzüsiniň hatarynda türkmen kinosyna wekilçilik edipdi. Oňa Hindistandaky, Türkiýedäki, Eýrandaky we başga-da ençeme ýurtlardaky kärdeşleridir tomaşaçylar uly sarpa goýýardylar.

Soňky ýyllarda Artyk Jallyýew kino kän düşmeýärdi, şol sebäplem işe werziş adamyň ýüregine bu böwşeňlik agram salýardy, çünki onuň üçin keşp döretmek edil howa ýaly zerurlykdy. Artyk ogly—ýaş režisýor Saparmuhammet Jallyýewe her hili maslahatlar bererdi, onuň bilen bile milli gahryman Keýmir kör hakda filmiň edebi esasyny ýazypdy, şol filmde surata düşmegiň arzuwyndady. Arman ýetişmedi...

...Artyk Jallyýew hem Baba Annanow... Olarda hakyky türkmen ruhy, nesilden nesle geçýän halk hakydasynyň ummasyz gory jemlenendi. Olar öz halkynyň köňül baýlygyny ekranda görkezmegi başarypdylar, türkmeniň özboluşlylygyny, türkmen häsiýetini, milletiň ýol-ýörelgelerini we gylyk-häsiýeini açyp görkezipdiler. Olar tomaşaçylaryň millionlarçasy üçin türkmen kinosynyň ýüzüniň tuwagy bolupdylar. Onda-da görmegeýden batyr keşbi bolupdylar. Olar kärine-kesbine ýüregi bilen berlenlerdendiler, belki olaryň dünýeden ir gaýtmagam şonuň üçindir. Olar filmleriň gowudan-gowy edebi esaslaryny ýazmagyň, gowudan gowy keşp döretmegiň arzuwyndadylar. Olaryň bitiren işleri türkmen kinosynyň dünýä derejesinde tanalmagynda bu ägirtleriň goşan bimöçber goşandy bolupdy.