ÝuNESKO-nuň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz halklaryň medeni-taryhy umumylygynyň nyşany bolup, ýagşylyga özgermeleriň, dostlugyň we myhmansöýerligiň, parahatçylygyň we döredijiligiň nusgasydyr. Döwlet muzeýiniň köpugurly sergisinde türkmen halkynyň özboluşly däpleri, milli çeperçilik we amaly-haşam sungaty ugrunda işleýänleriň birnäçe nesliniň wekilleriniň baý döredijiliginiň eserleri görkezilýär.
Sergide žiwopis, keramika, çüýşeden zat ýasaýan, halk senetleri ussatlarynyň eserleri goýlupdyr. N. Dowodowyň, Ö. Mämmetnurowyň, W. Makowskiniň we beýleki nakgaşlaryň işlerinde bahar alamatlary—gök begrese bürenen dag dereleri, meýdanlaryň bezegi al-elwan güller şekillendirilipdir. Guýma aýnadan we umman balykgulaklaryndan ýasalan ertekilerdäki ýaly owadan guş şekilleri sergä baýramçylyk röwşüni çaýýar. Serginiň bölümleriniň birinde bilezik, saçlyk, tumar, şelpeli egme ýaly gadymy milli şaý-sepleriniň nusgalary görkezilýär. Halylaryň dürli görnüşleri, gelin-gyzlarymyzyň toý lybaslary, nepis gaýalan keşdeler sergä ozboluşly görk berýär.
Nowruz diňe bir däp-dessurlar bilen däl, eýsem baýramçylyk tagamlary bilen-de meşhurdyr. Etnografiýa bölüminde ak öýde bir zenan maşgala semene taýýarlaýan pursady şekillendirilen.
Baýramçylyk sergisine gelenleriň arasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary-da bardy. Biziň bilen söhbetdeşlikde olaryň mugallymy Ogulsona Çaryýewa amaly sapaklaryň çäklerinde geljekki medeniýeti öwrenijileriň, kitaphanaçylaryň, muzeý işgärleriniň paýtagtyň sergi zallaryna yzygiderli baryp, sergide goýulýan zatlary täzelemegiň, olary düzmegiň usullary bilen tanşarlar –diýip belledi.