Pekinde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň ilçihanalary bilelikde gurnadylar. Oňa Hytaýyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçiliginiň wekilleri, Şanhaý hyzmatdaşlygy guramasynyň baş sekretary, GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, Hytaýň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we azerbaýjanly talyplar gatnaşdylar.
Baýramçylygy gurnan diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary öz çykyşlarynda Nowruz baýramynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň halklarynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini, onuň ýagşy özgermeleriň, parahatçylygyň, hoşmeýilli goňşyçylygyň, özara düşünişmegiň we abadanlygyň nyşanydygyny bellediler.
Çäräniň myhmanlary Nowruzyň häzirki dünýäde jebisleşdiriji ähmiýetini, bilelikde gurnalan çäräniň taryhy-medeni umumylygy bilen birleşen halklaryň hyzmatdaşlygynyň we özara düşünişmeginiň nyşany bolandygyny nygtadylar.
Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň hem-de talyplar toparlarynyň konserti boldy. Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Perhat Gurbanowyň ýerine ýetiren türkmen aýdymlary el çarpylyp garşylandy.
Mynmahlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň halklarynyň Nowruz baýramynda bişirýän tagamlary goýlan bol nygmatly saçak başyna çagyryldy.