Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda bolan dabara oňa gatnaşanlaryň—Akademiýanyň we Döwlet çeperçilik orta hünär mekdebiniň talyplarynyň, žiwopis sungatynyň muşdaklarynyň ählisiniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.
Döredijilik gözden geçirilişe ýaş nakgaşlaryň 240-sy gatnaşyp, olar žiwopis suratlarynyň, heýkelleriň, amaly-haşam eserleriniň, dizaýnerlik işleriniň 250-siniň arasynda iň gowy işiň awtory adyny almak ugrunda bäsleşdiler.
Portert ussady Durdy Baýramowa bagyşlanan çeper eserleriň ençemesi görkezildi. Bäsleşige gatnaşanlaryň aglabasy öz suratlarynda bu ussadyň ulanan reňk baýlyklaryny we realistik žanryny nusga edindiler. Özem şol bir keşp hiç gaýtalanamýardy. Suratlaryň birinde ol göwnaçyk ýylgyrsa, beýlekilerinde gaýgyly ýa-da oýa batandyr, ussahanasynda molbert başynda işläp dur, ýa dost-ýarlary bilen dynç alýar...Zehinli žiwopisçiniň Şahsyýetiniň köpgyraňlylygy onuň elinden çykan şahyrana ýordumlarynda hem janlanýar.
Ömründe döwürdeşleriniň portretleriniň müňlerçesini çeken ussat bu gün zehinli ýaş nakgaşlaryň suratlarynyň gahrymany boldy. Durdy Baýramowyň portretleriniň we stanok nakgaşlyk eserleriniň arasynda kesilen agaç sütüniniň gapdallaryndan gögerip çykan gujurly bäş şaha seni geňirgendirýär. Durdy Baýramow çagalar öýünde terbiýelenipdi. Zehinli nakgaş kesilen agajy ýetimliginiň şekili hökmünde şekillendiren bolsa, ol bäş şahada dowamat tapdy — olar Durdy Baýramowyň özi, aýaly we üç gyzydy. Nakgaş üçin maşgalasy ygtybarly daýanjy, söýgi we bagt ojagydy.
Reňkli gapjagazlardan bir giden reňkler çykarylan, çotgaly we ýalňyz almaly natýurmort hasam özüne çekijidi. Kelläňe “Durdy Býaramow hany?”—diýen sowal gelýär. Onuň keşbini... žiwopisçiniň logotipi beýan edýär. Şeýle göçme manyly işler sergide az däldi.
Bäsleşigiň şertine görä, ýeňijini emin agzalary däl-de, tomaşaçylar kesgitlemelidi. Olaryň hersinde tagta kagyzjyk bardy, oňa, olaryň pikirine görä, iň gowy işiň belgisi ýazylmalydy. 11 belgili surat has köp ses aldy. Onuň awtory—Çeperçilik akademiýasynyň talyby Zakirjan Babaýewdi. Oňa ýubilýaryň gyzlary Bahar we Jemal Baýramowalar 5 müň manat pul baýragyny gowşurdylar.
Zakirjan öz stanok usulda çeken suratynda Durdy Baýramowy ussahanasyndaky diwanda oturan şekilde şekillendiripdir. Awtora ussadyň keşbini takyk görkezmek we onuň töweregini öwrenişen, halaýan zatlary bilen gurşap, suratda Durdy Býaramowyň mähirli ruhuny beýan etmek başardypdyr.
Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine sertifikatlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.