Ï Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...

view-icon 1203
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow: ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor...
Resul Gylyjow heniz mekdepde okaýan döwri saz muşdaklarynyň hormat-sarpasyny gazanmagy başarypdy, şondan bäri özboluşly dirižýoryň zehininiň köpsanly janköýerleri onuň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanýarlar. Ol mylakatlylygy, çeper hem-de joşgunly dirižýorlyk tilsimleri bilen diňleýjileri özüne bendi edýär. Az wagtda konsertleriň birnäçesini taýýarlamaga, şeýle hem gastrollara we täze saz möwsümine irniksiz taýýarlanmaga nirden güýç tapýanlygyna hat-da onuň ýakynlaram haýran galýarlar.

Ir ýüze çykan saz zehini baradaky sowalymy öňünden aňan ýaly Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjow şeýle diýdi:

- Men üýtgeşik zehinli çaga däldim. Dek oturmaýan oglanjykdym, futbol oýnamagy halaýardym. Galyberse-de, maşgalamyzda sazanda hem ýokdy, daýzam Maral Bäşimowna Çerkezowa bolmadyk bolsa, geljekde tanymal boljakdygymdan hiç hili nyşan ýokdy. Ol meniň saza duýgurlygymy we ritm duýgumy aňyp, meni Ýörüteleşdirilen çagalar mekdep-internatyna getirdi, onuň özem bu ýerde skripkadan sapak berýärdi. Döredijilikde gazananan üstünliklerim üçin men, ozaly bilen, daýzama minnetdardyryn.

-17 ýaşly skripkaçy nädip ýaşlar kamera orkestrine ýolbaşçylyk etdi, Resul Gylyjowyň ussat dirižýorlygam şondan başlandy ahyry?

- Ýetginjeklere mahsus erjelligim bilen ýolbaşçylyga ukybym töweregime pikirdeşlerimi ýygnamaga ýardam etdi. Biz ýoldaşlarymyz bilen professional sahnada çykyş edip ugradyk, başarjaňlygymyzy görkezdik. Tomaşaçylar biziň çykyşymlaryzy gyzgyn garşyladylar, diňleýjileriň hoşniýetliliginden we olar bilen ruhy sazlaşykdan ylham aldyk, tejribe topladyk, improwizaýia erkinligini öwrendik. Tomaşaçylar bilen düşünşip işlemegimiz hünär ussatlygymyza ýardam etdi. Döredijilik ýolumy kesgitlämsoň, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýaňy açylan orkestr dirižýory bölümine okuwa girdim.

Üç gezek Moskwa gidip, tanymal dirižýor Ýuriý Simonowdan ussatlyk sapagyny aldym, ol hünär syrlaryna yşarat edip, mende gözleglere, özboluşly intrepretasiýa usully dirižýor hökmünde kemala gelmäge höwes döretdi. Ol: “Zehin – çakyr mysalydyr, näçe köp saklansa, şonça-da hyjuwly we nepis bolýandyr. Iň esasy zat, onuň açylmagy üçin mümkinçiligi elden bermezlikdir” – diýýärdi.

Siz indi iki ýyl bäri Döwlet simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edip gelýärsiňiz. Siz ýaly işine yhlasly we janypkeş dirižýoryň elinde işlemek aňsat däl boplsa gerek?

Mümkin. Men sazandalara sazyň durşuna bir bagtdygyny, ol näçe köp bolsa şonça-da ajapdygyny aýdýaryn. Adatça, biz baýramçylyk günleri saz tilsimlerimizi kämilleşdirýäris, çykyş edýäris, bilelikdäki döredijiligimiziň şatlygy, maşgalaň ýa-da dost-ýarlaryň bilen söhbetdeşlikden pes däl. “Ozaly bilen saz bolsun, galanynyň bir zady bor!”- diýen söz biziň şygarymyza öwrüldi. Şeýle dartgynly işe çydaman orkestrden gidýänlerem bar, ýöne olaryň ornuna dünýäni saz gözelligi bilen bezemäge hyjuwly, Stanislawskiniň aýdyşy ýaly, “sungata çyn aşyklar” gelýärler... Men öte talapkär dirižýor däl-de, işe berlen adammykam diýýärin. Döredijilik oňa durkuň bilen berilmegini talap edýär, özüm şeýle kysmy adam bolamsoň sazandalarymdanam şoňa garaşýan.

Golaýda siz Germaniýada çykyş edip geldiňiz. Sapardan galan täsirler barada gürrüň beräýseňiz.

Rihard Wagneriň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp Baýroýtda geçirilýän aýdym-saz gözden geçirilişi Ýewropada iň gadymy festiwaldyr, oňa her ýyl opera sungatynyň muşdaklary gelýärler. Şol şäherde beýik nemes kompozitory Wagner jaýlanypdyr, gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň ählisi onuň ýagty ýadygärligini hatyralap, onuň guburyna zyýarat edýärler. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen onuň ýanýoldaşy däbe öwrülen bu çärä ýygy-ýygydan gelýärler. Şu ýyl orkestrimiziň sazandalaryndan düzülen kwintetimiz altynjy gezek bu halkara gözden geçirilişine gatnaşdy. Bizi tanaýandyklaryna hemem mähirli kabul edýändiklerine az begenemzok. Gözden geçirilişiň guramaçylaram, tomaşaçylaram bizi görenden mylakatly: “Ine, türkmenlerem geldiler!” – diýýärler. Biz dikeldilen kilisede çykyş etdik, onuň owadan bezegleri joşgunly sazlar bilen sazlaşykly utgaşýardy.

Orkesrimiz indiki ýylky gözden geçirilişe-de çakylyk aldy. Ýedinji gezegem Rihard Wagneriň watanynda türkmen sungatyna wekilçilik etmek miýesser etse, biz fotosuratlaryň we milli şaý-sepleriň sergisini gurap, Baýroýtyň ilatyny hem-de dürli ýurtlardan gelýän myhmanlary ýurdumyzyň däp-dessurlary hem-de häzirki depginleri bilen tanyşdyrarys.

-Täze möwsümde nusgawy sazlaryň muşdaklaryna haýsy eserleri hödürlemekçi?

Tutumy uludan tutduk. Geçen ýylky möwsümi Karen Haçaturýanyň “Çipollino” baletine sazy we Sergeý Prokofýewiň “Petýa we Möjek” simfoniki ertekisi bilen açypdyk. Diňleýjiler olara gowy baha beripdiler, şonuň üçin bu ýylam çagalar tematikasyny dowam etdirmekçi, ýöne bu gezek Nury Halmämmedowyň “Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp bilmedik aýdymlaryny” ýerine ýetirmekçi. Ol inçe duýguly adam bolansoň öz döredijiliginde ýapon çagalarynyň– atom bombasynyň pidasy bolan deň-duşlarynyň başyna düşen bela seslenmän durup bilmändi.

Wagtyndan öň dünýäden gaýdan Nury Halmämmedowa degişli materiallaryň ählisini onuň aýaly Gülsoltan Gylyjowna Döwlet arhiwine tabşyrypdyr. Ondan rusgat alyp, men olary öwrenip başlanymda ussadyň “Aýgytly ädim” baletine sýuitasynyň üstünden bardym. Kompozitor bu eserini ýazyp ýördi, ýöne gynansagam, ony doly gutaryp ýetişmändi... Sýuitanyň partiturasy ärhiwde saklanýan eken. Şu ýylky möwsümde ol ilkinji gezek aşgabatly saz muşdaklary üçin ýaňlanar, mundan başga-da tomaşaçylar beýik türkmen kompozitorynyň sazyna döredilen horeografik miniatýuralara hem tomaşa edip bilerler.

Ozalkysy ýaly türkmen kompozitorlary, şeýle hem ýurdumyza çykyş etmäge gelýän daşary ýurtly aýdymçy-sazandalar bilen hyzmadaşlygy-da dowam ederis. Repertuarymyzyň ululygy we her hili ugurlardan ýerine ýetirýän eserlerimiz diňleýjileriň dürli neslini hem-de dürli sazlara muşdaklary birleşdirýär, biziň kämilleşmegimize we diňleýjiler bilen sazlaşykly gatnaşyklarymyza ýardam edýär.

Täze möwsümde duşuşýançak, ol täze sazlar, güýçli täsirler, döredijilik açyşlary we ylham joşguny bilen ýatda galar!