Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry demirgazyk sebitde esasy teatrdyr. Geçen ýyl onuň döredijilik topary «Türkmeniň Altyn asyry» umumymilli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Zehinli toparyň her bir işi sebitiň medeni durmuşynda şanly waka öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň äheňinde goýlan “Ürgenç kyssasy” oýny şowly çykan oýunlaryň biri boldy. Ol 2018-nji ýylyň tomsunda geçirilen teatr sungatynyň milli festiwalynda görkezildi we tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.
Daşoguz welaýatynyň etrap medeniýet öýlerinde hazirki wagtda sebitde meşhur halk teatrlarynyň birnäçesi üstünlikli işleýär.