Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 1058
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Panamadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikler esasynda satyn alan reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýaly harytlarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we Beýik Britaniýadan gelen täjirler jemi bahasy 3 million 200 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.