Toplum gyzgynlygy, yşyklandyryş derejesini, topraga suw we dökün bermegiň düzgünlerini awtomatik usulda kadalaşdyrýan döwrebap enjam bilen üpjün edilen. Gutarnykly tapgyrda işleýän ýyladyşhanada şitiller ýetişdirilýär, alyjylara ugradylmazdan ozal ýörite laboratoriýada hili barlanylýan gök önümler saýlanylýan we gaplanylýan bölüm bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň—telekeçilik düzümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde guran innowasion ýyladyşhana hojalyklarynyň ýene birnäçesi Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we obalarynyň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün edýärler. Meselem, “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasy alyjylara 800 tonna çenli pomidor ugradýar, Akdepe, S.A.Nyýazow adyndaky we Görogly etraplarynyň döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerlerinde gurluşygy alnyp barylýan täze hojalyklaryň üçüsiniň meýdanlarynyň bir böleginden ekologiýa taýdan arassa pomidor we hyýar, bolgar burçy ýygnalýar.