Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biziň türgenimiz şpagada gylyçlaşmak boýunça geçirilen ýaryşlaryň 10-synda dokuz ýeňiş gazandy hem-de final duşuşykda Özbegistandan bolan garşydaşyny ynamly ýeňdi.
J.Döwletnazarow Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy. Watandaşymyz ýaşdygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň öňdebaryjysy bolup durýar. Ýygyndy toparymyz şu ýylyň 25-nji fewralyndan 7-nji marty aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde Aziýa yklymynyň iň güýçli gylyçlaşyjylary bilen bäsleşer.
Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýalary geçen ýylyň noýabrynda döredildi. Ýurdumyzdan başga-da, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan onuň esaslandyryjylary bolup çykyş etdiler. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr.