Bouygues fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri Aşgabatda gurulýan köpgatly binanyň dartdyrylan örtgüsiniň gurnamasyny işläp taýýarladylar. Ony taýýarlanlarynda has berk armatura ýörüte enjam bilen dartdyrylýar we onuň üstüne beton guýulýar.
Dartylma basyşyna durnukly bu gurluşyk serişdesi binalaryň giň meýdanly örtüklerini ýapmaga mümkinçilik berýär, jaýrylmalara has durnukly bolýar we zähmet harajatlaryny iki esse azaldýar.
Ýurdumyzda ilkinji gezek dartdyrylan demirbetonly gurnama Bouygues Turkmen kompaniýasynyň Çandybil şaýolunda gurýan on bäş gatly kaşaň myhmanhanasynyň “A” binasynyň örtgüsinde ulanyldy.
Konstruktorçylyk býurosynyň başlygy, kompaniýanyň postseýsmiki meseleler boýunça inžner-gözegçisi Erik Pesinanyň aýtmagyna görä, bu innowasion tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlygy bar. Hususan-da, bu serişde ulanylanda örtükler ýukalýar, oňa düşýän seýsmiki agram azalýar we binanyň durnuklylygy ýokarlanýar. Myhmanhananyň 15 gatly “A” binasyny gurmak üçin iki müň tonna adaty serişdeler az ulanylar. Şunda deslapdan dartdyrylan beton elementleri 3 günde doly guraýar. Şu tapgyrda olaryň galybyny aýryp, binanyň beýleki böleginde ulanyp bolýar, bu bolsa gurluşygyň depginini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Tehnologiýa we ykdysady taýdan artykmaçlygy netijesinde fransuz hünärmenleriniň täze tilsimi Türkmenistanyň geljekki gurluşyk taslamalarynda hem üstünlikli ulanylyp bilner.