Ï Lebap welaýaty ýüpek öndürilişini ýokarlandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýaty ýüpek öndürilişini ýokarlandyrýar

view-icon 1253
Türkmenistanda ýüpek çig malyny has köp öndürýän Lebap welaýatynda tut gurçugyny idetmeklige girişdiler. Gündogar sebite ýüpek gurçugynyň tohumynyň “Türkmen- 13”, “Türkmen-16”, “Ak tille-1”, “Ak tille-2”, “Dostluk-1” we “Dostluk-2” ýaly has köp ýüpek berýänligi hem-de ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan görnüşleriniň 24 müňden gowrak gaby gelip gowuşdy.

Şu ýyl 960 tonna pile taýýarlamak göz öňünde tutulýar, bu bolsa geçen ýylyň görkezijilerinden ýokarydyr. Amyderýa jülgesinde ýüpekçiligi ösdürmek üçin gowy iýmlik binýat döredildi. Welaýatda tutly meýdanlar 2 müň 300 gektardan gowrak ýeri tutýar. Her ýyl sebitde 50 müňe golaý tut nahaly oturdylýar.

Pile kabul ediji edaralar hem täze hasyly kabul etmäge taýýarlanýarlar, Türkmenabadyň ýüpekçilik önümçilik birleşiginde piläni gaýtadan işlemek boýunça awtomatlaşdyrylan enjam abatlanylýar we sazlanylýar, bu ýerde gymmatly çig maldan ýüpek matalar, ýaglyklar we halylar, şeýle hem daşary ýurtlarda uly islegli ýüplük öndürilýär.