Bahyň bäş eseri bilen birlikde Georg Fridrih Gendeliň, Antonio Wiwaldiniň, Domeniko Skarlattiniň, Juzeppe Tartininiň eserleri ýaňlandy. Konserte Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa (soprano), Türkmenistanyň at gazanan artistleri Yslam Jumaýew (bariton), Bibijemal Amanowa (soprano), Wladimir Mkrtumow (fortepiano) we onuň şägirdi Leýla Abaýewa, şeýle hem Ibragim Orazow (skripka), halkara bäsleşiginiň laureaty Aýbölek Muhyýewa (fortepiano), Emir Baýramgeldiýew (fleýta) gatnaşdylar.
Diňleýjiler skripkaçy Ibragim Orazowyň çalan Juzeppe Tartininiň “Arwah owazy” sonatasyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler. Ussat italýan sazandasy we kompozitory Tartininiň aýtmagyna görä, onuň düýşünde arwah skripkada ajap saz çalýarmyş. Ol oýanan dessine eseri ýatdan ýazyp alýar we oňa şeýle at dakýar. Iogann Bahyň belli “ Tokkata we fuga re minor” atly organ üçin ýazan eseri fortepianoda ýerine ýetirildi. Leýla Abaýewa bu eseri şeýle nepis çaldy welin, ol, hamala, organda ýerine ýetirilen ýaly boldy. Tomaşaçylar pianinoçyny “Berekella! Aperin!” diýip alkyşladylar. Konserti Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde Georg Fridrih Gendeliň “Messiýa” oratoriýasyndan “Alliluýýa” jemledi. Diňleýjiler saz barokkosy eýýamynyň duýgylara baý we nepis owazly eserleriniň konsertine ýokary baha berdiler.
Paýtagtymyzyň medeni durmuşynda şanly waka bolan saz agşamyny TMK-nyň kamera ansambly kafedrasy gurnady. Konsertmeýster – halkara bäsleşikleriniň laureaty Stella Faramazowa.