Ï Astrahanda türkmen talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda türkmen talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi

view-icon 5011
Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (ADLU) sport toplumynda zenanlaryň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi, oňa ADLU-da golaýda döredilen Russiýanyň bu sebitiniň şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen zenanlaryndan düzülen “Aýhan” topary gatnaşdy.

Ýaryş Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň (Russiýa Federasiýasy) başlangyjy bilen we her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlanylyp geçirildi.