Ï Uzynadanyň geljegi uly täze guýylary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uzynadanyň geljegi uly täze guýylary

view-icon 1392
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň işgärleri Uzynada nebit-gazly ýatakda gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Geljegi uly meýdançada guýynyň 7 müň metrden gowrak çuňlugy gazylyp geçildi, indi tebigy käni özleşdirmek üçin polat turbalary guýa salmak işleri alnyp barylýar. Şu aýda burawlaýjylaryň işleriniň netijesi belli bolar.

Häzirki wagtda çig malyň uly gorlary bar diýlip çaklanylýan ýatakda taslama çuňlugy 7150 metr bolan guýy ulanylýar. Kuwwatly enjamlar bilen pliosen gatlagynyň gyzyl reňkli gatlagy açyldy we tebigy gazyň güýçli akymy hem-de gaz kondensaty garyşykly nebit alyndy.

Şeýle guýylar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň taryhynda ilkinji gezek burawlandy we häzirki wagta çenli Merkezi Aziýadaky şu kysmylardan iň çuň guýydyr. Şol bir wagtyň özünde Uzynadada nebitçiler bilen birlikde “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň bölümleri-de gözleg-agtaryş işlerini geçirip, has çuň guýylaryň ikisini gazýarlar.

Balkan welaýatyndaky Uzynada meýdançasyndaky nebit-gazly ýataklaryň gazylmagynyň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösüşi üçin ägirt uly geljegi bardyr. Ilkinji gezek bu ýerde gözleg-agtaryş işleri kyrk ýyl mundan ozal 4300 metre çenli çuňluga geçirilipdi. Birnäçe ýyl mundan öň bolsa häzirki zaman seýsmiki barlaglardan soň gatlaklary täzeden, aňryçäk çuňluklarda açmak üçin esas döredi.

Uzynada ýatagynda gözleg-agtaryş işleri we ony gazmak nebtiň hem-de gaz kondensatynyň alnyşyny artdyrar. Şu ýylyň martynda «Türkmennebit» Döwlet konserni bilen ARETI Halkara kompaniýalary toparynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama bu ugurda uly mümkinçiliklere ýol açýar.