Kärdeşler arklaşyklarynyň Milli merkezi ýurduň tapawutlanan ýüpekçileriniň bäsleşigini yglan edip, ýüpekçiligi ösdürmegiň täze tapgyryna goldaw berdi. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda howa şertlerine görä, pile taýýarlamak Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlaryndakydan soňrak tamamlanýar. Şonda-da eýýäm ýokary hilli çig maly has köp taýýarlap, 2019-njy ýylyň möwsüminde tapawutlananlar belli boldy.
Öňde baryjylaryň bäşisi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda döwlete 641 kg pile tabşyran (tabşyryga 164 göterim) Ahal welaýatyndan Gülnabat Amansähedowa, Lebap welaýatyndan 232 kg pile tabşyran (tabşrygy 2,5 esse artyk berjaý eden) Dilber Rozyýewa, Murgap jülgesinden 229 kg pile tabşyran (tabşyryga 260 göterim) Ýazmyrat Nuryýew, Daşoguz welaýatyndan 353 kg (tabşyryga 240 göterim) we Balkan welaýatyndan 310 kg pile tabşyran (tabşyryga 110 göterim) Bahargül Annaýewa dagy bar.