«Şirin aý» HK-nyň guran zawody her ýyl 50 müň tonna durmuş hajatlary üçin önümleri çykarmaga niýetlenendir. Üç çalşykly işde 150 iş orny dörediler. Häzirki wagtda kuwwatlyklar özleşdirilýändigi sebäpli iş bir çalşykda guralypdyr.
«Emaý» we «Güneş» atly döwrebap sodalarda ýokary hilli ýerli we daşary ýurtlardan getirlýän çig mal ulanylýar. Türkiýeli hyzmatdaşlary ýüzleý işjeň maddalary iberseler, Mary welaýatyndan soda, Garabogaz kölünden natriý sulfaty, Ispaniýadan ys berijiler alynýar.
Sodalaryň düzüminde optiki agardyjylar, ys berijiler, sodanyň tegmil aýryjy sypatlaryny ýokarlandyrýan, şeýle hem matanyň gurluşyny saklaýan we güýçlendirýän goşundylar, ýuwujy erginlerindäki kir zerrejikleriniň yzyna zatlara siňmegine ýol bermeýän polimerler bar.
Şeýle hem onuň düzümine belli bir derejelrde suw ýumşadyjylar, adamlara, umuman daşky gurşawa zyýan bermeýän antisorbentler, agardyjylar we ys berijiler goşulýar. Hazirki sodalara bildirilýän esasy talaplaryň biri-de - olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr. Munuň üçin ýerli telekeçiler fosfatlary we düzüminde hlor bolan serişdeleri ulanmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň önümi daşary ýurtlaryňkydan arzandyr. Kompaniýanyň belgisi goýlan sodalar eýýäm ýurduň welaýatlarynyň ählisiniň söwda merkezlerinde satuwa çykaryldy.