Alyjylara uzak saklanylýan önümleriň ýigrimä golaý görnüşi teklip ediler. Müşderilere tanyş duzlanan hyýarlardyr pomidorlardan başga-da, söwda nokatlaryna gowrulan badamjan, ajika, tomat goýaltmasy, duzlanan sarymsak ýaly gaplanan önümleriň täze görnüşleri gelip gowşar. “NUR” belgili önümler ýokary hilliligi we elýeterligi bilen alyjylaryň islegli harydyna öwrüldi.
Şu ýyldan başlap önümleriň ählisi ýurdumyzda çykarylýan aýna gaplara gaplanylýar. Eýýäm duzlanan önümleri gaplamak üçin 900 gramlyk bankalaryň ýedi million golaýyny almaga tabşyryk berildi.
Kärhanada maýonezi we üwmeji wakkumly gaba gaplaýan täze enjam işe girizildi. Günde olara bäş tonna golaý şeýle önüm gaplanylýar. “NUR” belgili önümleriň hemmesi ýerli telekeçileriň ýetişdirýän oba hojalyk ekinlerinden taýýarlanylýar.