Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň aýtmagyna görä, ХVIII asyryň ahyrynda ХIХ asyryň başynda döredilen bu dessan halk döredijiliginiň giçki döwrüniň eserlerine degişlidir. Tanymal bagşy Söwdaýynyň tagallasy bilen (onuň partiýasyny konserwatoriýanyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ýerine ýetirýär) Bibi bilen Çaňlynyň arasynda dörän söýgi il içinde meşhurlyga eýe bolýar. Bibiniň aýdymlarynyň ençemesi häli-häzirem halanylýan aýdymlardyr.
Bu waka toýlaryň birinde Bibi bilen Çaňlynyň arasynda dörän söýgiden başlanýar. Ýaman ýeri, Bibi eýýäm adaglanan ekeni, onuň ýigidi bolsa toý harjyny gazanmak üçin kerwen bilen uzak illere rowan bolupdyr. Şondan bärem ondan habar-hatyr ýok diýýär. Ýa ýat illerde onuň başyna bela indimi ýada ol gyzy ýatdan çykardymy – belli däl. Nätmeli? Eger ol diri bolsa, näme üçin gaýry ýurtda eglendikä? Bulary bilmek üçinem Çaňly uzak illere atlanýar.
Librettonuň awtory Gowşutgeldi Daňatarow aşyklar bilen öýlenjek ýigidiň doganlaryny çaknyşdyryp, dessanyň ýordumyny has-da dartgynly edýär. Olar ähtiýlaanlyk bilen Çaňlyny öldürmekçi bolýarlar. Aşyk ýigit ýeňsesinden urlan hanjar urgysyndan gutulýar. Ýedi aýdan soň ol söweriniň işigine baryp, eli dutarly saz edýär. Emma: «Sen gideňsoň Bibini başga birine berdiler» diýen söz oňa tyg ýarasyndan beter täsir edýär.
Aşyklara bir-birine gowuşmak miýesser etmese-de, dessan Çaňlynyň toýuna taýýarlyk bilen jemlenýär.
«Aşyk Çaňly» operasynyň sazyny konserwatoriýanyň «Estrada sungaty» kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewa ýazdy.
-Men bilimi boýunça kompozitor, maňa opera saz ýazmagy tabşyranlarynda begenjimiň çägi bolmady. Men onuň sazlaryny deňiz kenarynda ýaşaýan türkmenleriň özboluşly folklor tilsimlerindäki aýdymlar bilen baýlaşdyrmak isledim – diýip gürrüň berýär.
Bibiniň partiýasyny konserwatoriýanyň dördünji ýyl talyby Tylla Saryýewa, Çaňlynyň partiýasyny – bäşinji ýyl talyby Bäşimgeldi Sapardurdyýew ýerine ýetirdiler. Operadaky keşpleriň ählisini TMK-nyň talyplarydyr mugallymlarynyň ýerine ýetirýändigini bellemek gerek.
Oýun goýujy nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradowyň işi hem bellenmäge mynasyp, onuň üýtgeşik sahna bezegi ýordumy has-da dartgynly edýär. Egin-eşikler boýunça nakgaş Keýik Hojaýewa operanyň ýordumyna laýyk işläpdir.
«Aşyk Çaňly» operasyny goýan režissýor Aýnazar Batyrow gutlaglara sag bolsun aýdyp, öz gezeginde, dirižýor Resul Gylyjowa, hormeýster Haýdar Eminowa, baletmeýster Olga Wasilýewa we milli opera sungatynyň täze eserini döretmäge gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.