Hojalygyň jemi meýdany 81 ga ýeri tutýar. Hususy telekeçilik düzüminiň hereket edýän iki ýylynda atyzlaryň 70 ga ýeri üstünlikli özleşdirildi. Mundan başga-da, hojalygyň ygtyýaryndaky ýene 40 ga ýerde galla we pagta ýetişdirilýär.
Ykdysadyýetinde oba hojalyk önümlerini öndürmeklik esasy orun eýeleýän Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberi üstünlikli artdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işe we ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmeklige telekeçilik gurluşlary işjeň gatnaşýarlar. Sebitde dürli oba hojalyk önümlerini öndürmäge we gaýtadan işlemäge ýörüteleşdirilen hususy düzümleriň onlarçasy bar.