Daşary ýurt puluna Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, owganystanly işewürler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, ABŞ-dan, Gonkongdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 923 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 7 million manatlykdan gowrak nah matany we ýüplügi, buýan kökünden ýasalan çaý içgilerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 613 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.