Hersi gije-gündiziň dowamynda awtoulaglaryň 500-sine hyzmat etmäge niýetlenen beketler elektronika arkaly dolandyrylyýan ýokary tehnologiýaly enjam bilen üpjün ediler, bu bolsa olara çalt we ýokary hilli hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Olaryň gurluşygynda döwrebap gurnamalr we ýanmaýan serişdeler ulanylar.
Şeýle hem AÝGB-leriň hersinde ulaglary ýuwar ýaly desga, dessin hyzmat we ownuk-uşak abatlaýyş işleri üçin hem-de ätiýaçlyk şaýlary satylýan binalar, garbanyşhana göz öňünde tutulan. Olaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylar, çyralary desgalaryň özboluşlylygyna görä oýlanşykly ýerleşdiriler. Ýurdumyzyň günorta sebitiniň Çärjew we Darganata etraplaryndaky döwrebap AÝGB-ler ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga berler.