Ï Lebap welaýat sazly -drama teatry täze möwsümi täsirli premýera bilen açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýat sazly -drama teatry täze möwsümi täsirli premýera bilen açdy

view-icon 1550
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry täze möwsümi «Kabyl-Habyl» oýnunyň premýerasy bilen açdy. Oýny tanymal režisýor Perhat Hudaýberenow goýdy.

Oýun Kabyl bilen Habyl hakdaky Injil ýordumyny özüçe beýan eden Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy boýunça goýuldy. Doganyň dogany öldürişi baradaky hemmä mälim wakadan tapawutlylykda belli türkmen dramaturgy eseriň ýordumynda söýgüni öňe sürýär. Kabylam, Habylam ekiz uýalarynyň biri Yklyma aşyk bolýarlar, bu hem olary bir –birine duşman edýär... Ol gedemligiň, maşgala gymmatlyklaryny äsgermezligiň, elhenç jenaýatyň, günäsiniň geçilmezliginiň ýürekden toba edilýänçä wyždan ezýetine sezewar edýändigi barada pikiri öňe sürýär.

Täze oýunda teatryň artistleriniň aglabasy çykyş edýärler. Adam ata bilen How enäniň keşbini Türkmenistanyň halk artistleri B. Rejebow bilen S. Suhanowa, Kabyl bilen Habylyň keşbini zehinli ýaş artistler D. Hojanazarow we D. Joraýew döredipdirler. Çeper sahna bezegi we eseriň ruhuna kybap saz bezegi özboluşly režisýorlyk tilsiminiň üstüni ýetirýärler.

Täze möwsümde Lebap welaýat sazly-drama teatrynyň döredijilik topary öz gowy eserlerini görkezer we ululara, şeýle hem ýaşajyk tomaşaçylara niýetlenen täze sahna eserlerini hödürlär.