«Ak Gaýa» HJ ürgün gurluşyk materiallaryny – külke we ownuk gurluşyk şpaklýowkasyny çykarýan kärhana hökmünde tanalýar. Indi bir ýyl bäri kärhanada Balkan welaýatynda alynýan çig maldan timarlaýyş materiallary çykarylýar. Onda ýylda 80 müň tonna gurak garyndy öndürilýär.
Kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça döwlet syýasaty telekeçileriň onlarçasyny täze önümçilikleri döretmäge, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga we daşary ýurtlarda öndürilýän harytlara bäsdeş bolup biljek önümleri öndürmäge höweslendirdi.
Gurluşyk garyndylaryny we gipsokartony iri öndürijileriň biri bolan «Sabur Timur Taşew» (STT) hususy kärhanasy ülkämiziň baý tebigy serişdelerinden peýdalanýar. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän kärhana ýerli çig maldan jaýlary timarlamak üçin ownuk hem-de külke suwag şpaklýowkasyny, Köýtendag käninden – gips taýýarlaýar.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna gury gurluşyk garyndylarynyň birnäçe görnüşini çykarýan seh açyldy.
Ýurdumyzyň gündogarynda, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde ýerleşýän «Hilli gurluşyk önümleri» hojalyk jemgyýetiniň häzirki wagtda gurulýan timarlaýyş materiallary kärhanasynda ýerli çig maldan ýylda 12 milliona golaý gipsokarton listi we 100 müň tonna gurak garyndy öndüriler.