Ï Paýtagtymyzyň taksoparkyna täze Toyota Corolla kysymly awtoulaglar gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň taksoparkyna täze Toyota Corolla kysymly awtoulaglar gelip gowuşdy

view-icon 1226
2019-njy ýylda çykarylan Toyota Corolla kysymly awtoulaglaryň 70-si senrýabr aýynda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän paýtagtymyzdakky taksoparkyň ulaglarynyň üstüni ýetirdi. Olar Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlarlar.

Ulag serişdelerini «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ satyn aldy we Aşgabada getirdi. Ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen taksilerde elektron planşetler oturdylar, taksi çagyrmagyň onlaýn-tertibi ýola goýyldy.