Ýurdumyzda golland bägüllerini iri ýetişdirji bolan «Nurly Meýdan» daýhan hojalygy her ýyl alyjylara «güller meleginiň» bir millionyny ugradýar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän gülçülik hojalygynda şu ýyl her dürli bägülleriň 600 müňe golaýy ýetişdirildi we kärhananyň firma dükanlarynda ýerleşdirildi.
Häzirki wagtda 11 müň inedördül meýdanda ýene bir ýyladyşhana gurulýar. Gül ýetişdirilýän täze bina ösümliklere ideg edýän awtomatik enjamlar – ýyladyşhanany sowadyjy, gülleri iýmitlendirmek üçin erginleri taýýarlaýan we olary ösümliklere berýän, suwarýan , şeýle hem howanyň, ýagtylygyň hem-de çyglygyň amatly şertlerini üpjün edýän enjamlar bilen üpjün edilen. Ilkinji önüm indiki ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gül bazarlaryna ugradylar.