Ï «Berk Teker» HK: miweli bagdan köpugurly hojalyga çenli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Berk Teker» HK: miweli bagdan köpugurly hojalyga çenli

view-icon 3588
Birnäçe ýyl mundan ozal «Berk Teker» hususy kärhanasy Bäherden etrabynyň Börme obasynyň töweregindäki 500 gektar gurak ýerlerde miweli bag ekipdi.

Almanyň, armydyň, şetdalynyň, çereşnýanyň naýbaşy görnüşleriniň nahallarynyň 35 müň düýbi oturdyldy. Bagyň oýlanşykly ýerleşdirilmegi we miweli ekinleri ýetişdirmegiň tehnologiýasyna berk eýerilmegi, şeýle hem döwrebap suwaryş usullarynyň ulanylmagy netijesinde nahallar gowy boý aldy.

Şu ýyl hojalyk ilkinji hasyly ýygnady, alnan 300 tonna golaý miweler söwda nokatlarynda ýerleşdirildi. Telekeçiler indiki ýyl iki esse köp hasyl – 700 tonna golaý miwe ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.

Häzirki wagtda hususy kärhana täze telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişýär. Kärendesine alnan goşmaça 400 gektar ýerde miweli ekinler we arahiz ekiler. Şol bir wagtyň özünde telekeçiler ýyladyşhana toplumyny gurmagy we gök-miweleri gaýtadan işlemek boýunça enjamy işe girizmegi göz öňünde tutýarlar. Munuň üçin 10 müň tonnalyk gök-miwe ekinlerini saklaýan ammar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kiçi sehler gurlar.

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan daýhan hojalyklary, hususy kärhanalar we fermerler 1600 gektardan gowrak ýerde täze miweli agaç we 1500 gektar ýerde üzüm nahallaryny oturtdylar. Ýurdumyz boýunça jemi 8 müň gektar ýer miweli baglara bölünip berildi, olarda 8 milliondan gowrak nahal ösüp otyr.

Her ýyl ýurdumyzda almanyň, armydyň, garalynyň, alçanyň, çereşnýanyň, wişnýanyň we alyjylaryň ýokary isleginden peýdalanýan beýleki miweleriň ýokary hasyly alynýar. Bagçylyk we onuň bilen baglanşykly önümleri gaýtadan işlemek pudagy oba hojalyk önümçiliginiň çalt depginlerde ösýän ugurlarynyň birine öwrülip, daşary ýurtlarda öndürilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksporta gönükdirmek strategiýasynyň maksatlaryna laýyk gelýär.