6 ýyl mundan ozal işe girizilen kärhanada içerki we daşarky bazarlarda islegli sementiň portland, sulfata durnukly we tamponaž görnüşleri çykarylýar.
Köýtendag etrabynyň dag-mineral serişdeleriňiň binýadynda taslama kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna bolan ýene bir döwrebap sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde 4 gatly jaýlaryň üçüsi ulanylmaga bermäge taýýarlanylýar. Olary hususy kompaniýalar Türkmenabadyň günorta-gündogar böleginde bina etdiler.
Giň, otaglary oňaýly ýerleşdirilen öýlerde ýaşamak üçin amatly şertler döredilipdir. Jaýlaryň golaýyndaky ýerlerde çagalar üçin oýunlar we sport meýdançalaryny abadanlaşdyrmak, şeýle hem gezelenç zolaklaryny, bosketleri we gazonlary döretmek, çyralary oturtmak boýunça işler alnyp barylýar. Tiz wagtda ýaşaýjylar täze jaýlara göçüp bararlar.