Ï «Magtymguly» oýny sahnada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly» oýny sahnada

view-icon 2502
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
«Magtymguly»  oýny sahnada
Sahna sungatynyň halkara forumy Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň Gylyçmyrat Kakabaýewiň pýesasy esasynda goýlan «Magtymguly» spektakly bilen başlandy.

Medeniýetleriň gatnaşygyny işjeňleşdirmäge niýetlenen festiwalyň ynsanperwerlige ýugrulan şahyrana setirleri dürli halklaryň wekillerine ýakyn beýik türkmen dana şahyryna bagyşlanan sahna eseri bilen açylmagy simwoliki ähmiýete eýedir.

Oýny goýan režisýor – Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew şahyryň durmuşyny we döredijiigini göwrümleýin görkezmek üçin üýtgeşik çeper tilsimlerden peýdalanypdyr, Magtymgulynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow döredipdir.

Dana şahyr spektaklda keç pelegiň oýnuna ejizlemeýän, durmuş külpetlerine mertlik bilen döz gelýän adam hökmünde görkezilýär. Şahyryň durmuşynyň iň pajygaly pursady – oglunyň ýogalmagy. Bu sahna spektaklda şeýle bir ýürek elendiriji beýan edildi welin, ol tomaşaçylaryň ählisiniň ýüregini elendirdi.

Ýatda galýan pursatlaryň biri-de – hindistanly alym zenan bilen duşuşyk, ol Magtymgulynyň eserlerini diňläp ugrundan gedem garaýşy zym-zyýat bolýar.

Ýeri gelende, Pyragynyň duýgylaryny beýan edýän çuň manyly setirleriň spektakla özboluşly röwüş berendigini aýtmak gerek.

Spektaklda Magtymguly hemişelik hemrasy –derwiş bilen söhbetdeş bolýar, onuň bilen jedel edýär, oňa pikirini aýdýar, onuň maslahatyna gulak asýar. Derwiş – Pyragynyň döredijiliginiň özeni bolan halk parasady diýse-de boljak.

Oýnuň şowly çykmagynda zehinli artistlerden başga-da, oýun goýujy nakgaş Mekan Annamyradowyň işini aýratyn bellemelidiris, ol sahna besegi ýörelgelerini yşyklaryň sazlaşygy bilen baýlaşdyrypdyr.

Dürli ýurtlaryň teatr sungatynyň wekilleri gündogar şygryýetiniň ägirdine bagyşlanan sahna eserine mynasyp baha berip, spektakly şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.