Ï Telekeçilligiň netijesinde baýyrlarda bag emele geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçilligiň netijesinde baýyrlarda bag emele geldi

view-icon 1384
Amyderýanyň sag kenaryndaky baýyrlarda uly alma bagy kemala geldi. Telekeçi Ýunus Abdyllaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Ýunus daýhan» daýhan hojalygy Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda boş ýatan ýeri uzak möhletleýin kärendesine aldy.

Şu ýyl alnan bol hasyl işe oýlanşykly çemeleşip, bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylanda bagçylyga amatsyz baýyrlary-da gül-pürçük jülgä öwrüp bolýandygyny subut etdi.

Häzirki wagtda daýhan hojalygynda ýerli toprak-howa şertleri üçin oňaýly görnüşli alma agaçlarynyň 25 müňden gowragy gögeripdir. Miweler datly tagamy we ýokari hilliligi bilen tapawutlanýar. Telekeçiler bag ýetişdirmekde hasyly çalt toplaýan şpaler usulyny ulanýarlar, damjalaýyn suwaryş usuly bolsa nasoslardan berilýän Amyderýa suwuny rejeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Hojalykda geljekde ulanylmaýan baýyrlary özleşdirmegiň hasabyna bagyň meýdanyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.