Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry 30-njy noýabrda «Sawçy we sallahlar», 1-nji dekabrda bolsa, «Etme oglan sen oýun» spektakllaryna çagyrýar. Spektakllar sagat 19-da başlanýar.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda 30-njy noýabrda «Amanat giýew», 1-nji dekabrda bolsa, «Toý» oýunlary görkeziler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylary 30-njy noýabrda «Şadyýan sazandalar» (12:00) we «Söýgi bizi halas eder» (19:00), 1-nji dekabrda bolsa, döwlet Baştutanynyň «Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym – mukaddesilge tagzym» we «Türkmen alabaýy» eserleri esasynda döredilen «Baky rowaýatlar» oýnuna çagyrýar. Spektakl sagat 12-de başlanýar. Sagat 19-da bolsa «Arşyn mal alan» oýny görkeziler.
Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda 30-njy noýabrda«Ýediň enesi», 1-nji dekabrda bolsa, «Çynymy aýtsam» spektakllary görkeziler. Oýunlar sagat 19-da başlanýar.
Wideoşekilli afişanyň salgysy: wideo