Ï Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda öri meýdanlaryndaky guýylaryň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda öri meýdanlaryndaky guýylaryň sany artýar

view-icon 1485
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň maldarlarynyň ygtyýaryna täze çuň guýy berildi. Ony «Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş kärhanasynyň guýy gazýan ussalary ulanmaga berdiler.

Hojalygyň öri meýdanynda 50 metrdenem aşakda agyz suwunyň güýçli akymy açylmagy netijesinde müňlerde gektar ýeri suwarmaga mümkinçilik döredi.

Guýylar ulgamynyň döredilmegi – örüde bakylýan maldarçylygyň girdejililigini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işiň wajyp ugrydyr. Şu ýyl bar bolan guýylaryň 4-sinde häzirki zaman suw çykaryjy enjamlar oturdyldy.

«Tallymerjen» maldarçylyk hojalygy Lebap welaýatynda iň iri hojalykdyr. Häzirki wagtda onuň öri meýdanlarynda 40 müňe golaý dowar saklanyýar. «Lebapörisuw» kärhanasynyň hünärmenleri welaýatyň beýleki maldarçylyk birleşiklerine-de hyzmat edýärler.