Mysal üçin, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bir ýol» hususy kärhanasy welaýatyň alys künjekleriniň birinde pomidor ýetişdirýän täze ýyladyşhana gurýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan S. Türkmenbaşy etrabynyň «Baýram Taganow» geňeşliginde 4 gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda konstruksiýalar gurnalaýar.
«Aman Meten» hususy kärhanasy Gubadag etrabynyň «Baýdak» geňeşliginde 5 gektar ýerde şeýle ýyladyşhana gurmaga girişdi. Ýyladyşhanalaryň ikisinem energiýa tygşytlaýjy, hili we bahasy babatda amatly, ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň jähtinden Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň köpüsinde telekeçiler gök-miwe ekinlerini ýetişdirmek boýunça ýyladyşhana hojalyklaryny gurýarlar. Döwlet tarapyndan goldaw bermek we ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleri, şol sanda haryt öndürijilere ýerleriň uzak möhletleýin ulanylmaga berilmegi oba hojalyk pudagynyň bu ugrunyň netijeli ösdürilmegine ýardam edýär.