-Önümçilige başlanymyza ýaňy bir ýarym ýyl geçen bolsa-da, önümleriň möçberi alty esse artdy. Geçen ýyl söwda nokatlaryna ýarym milliona golaý önüm ugradyldy – diýip söhbetdeşligimizde sehiň ýolbaşçysy Wepa Halymow belledi.
«Täjir ýoly» kärhanasynyň önümleri hili we sypatlary babatda Türkiýäniň, Ýaponiýanyň hem-de Eýranyň ady belli haryt öndürijileriniň nusgalaryna laýyk gelýär, ýerli telekeçiler olaryň tejribesini üstünlikli özleşdirýärler. «MBM» filtrleriniň artykmaçlygy – ýokary hilli bu önümleriň özüne düşýän bahasynyň arzanlygyndadyr: olar daşary ýurtlardan getirilýänlerden üç esse arzandyr.
Şu ýyl kompaniýada Gazagystana we Owganystana ýüz müňe golaý önüm ugratmagy göz öňünde tutulýar.