Olar halk arasynda at-abraý gazanan Baýar, Nazar baga, Käbe şyh we beýleki dessançy bagşylaryň portretleridir. Şol işleriň käbiri tematiki sergileriň çäklerinde paýtagtymyzyň şekillendiriş sungaty muzeýinde görkezilipdi.
Taryhy-medeni miras temasy we dogduk iliniň manzarlary Merdan Kakabaýewiň döredijiliginde möhüm orun tutýar. Onuň mylaýym reňklerde çekilen, ene topragyna söýgä ýugrulan Daşoguz welaýatynyň gözel binalaryna bagyşlanan suratlary, natrýurmortlary we manzarlary žiwopis muşdaklarynyň ýadynda bolsa gerek.
Şu ýyl muzeýiň gorlarynyň üstüne etnografik eksponatlar-da goşuldy. Olaryň arasynda 18-19 asyrlara degişli külalçylyk önümleri, şol sanda galla saklanýan humlar, şeýle hem gadymy keçe nusgalary, hojalykda ulanylan esbaplar bar. Gowy saklanan agaç juwaz muzeýdäki seýrek eksponatlaryň biridir.