Demirgazyk sebitde kartoşka we sogan ekişi-de öz wagtynda geçirildi. Meýdan işleriniň oňaýly guralmagy, oba hojalyk tehnikasynyň we ýokary hilli tohumlaryň elýeterligi möwsümleýin oba hojalyk çäresiniň üstünliki geçirilmegine ýardam etdi.
Gök ekinleri ýetişdirmäge telekeçilik birlşeginiň wekilleriniň goşandy hem artýar. Mysal üçin, welaýatda esasy kartoşka öndüriji Gurbansolatn eje adyndaky etrapda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu ekine bölünip berlen ýerleriň dörtden bir bölegine golaý ýerde kartoşka ekdiler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Esas gurluşyk» hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynda döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen üç gektar ýerde şahsy guşçulyk fermasyny gurýar.
Guşçulyk fermasynda towuk ketekleriniň dördüsi, balansirlenen iýmleri taýýarlaýan seh, iýmleri we taýýar önümleri saklar ýaly ammarlar, ýumurtgalary saýlaýan hem-de gaplaýan bölüm, edara jaýy we beýleki binalar bolar. Täze fermany öndürilýän önümiň halkara arassaçylyk we ekologiýa kadalaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýän awtomatlaşdyrylan ýörüteleşdirilen enjam bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Guşçulyk toplumy her ýyl alyjylara otuz alty ýarym müň sany ýumurtga iberer. Telekeçiler geljekde iýmlik ekinleri-de ýetişdirmegi göz öňünde tutýarlar. TSTB-niň agzasy, «Arassa başlangyç» hususy kärhanasy-da S. A. Nyýazow adyndaky etrapda şeýle toplumy gurýar.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda guş etini we ýumurtga öndürýän hususy fermalaryň birnäçesi hereket edýär. Olar ýerli bazarlary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar.