Ï Daşoguzly telekeçiler gurluşyk serişdeleri önümçiligini işjeň özleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzly telekeçiler gurluşyk serişdeleri önümçiligini işjeň özleşdirýärler

view-icon 2294
Ýurduň demirgazyk sebitiniň telekeçileriniň gurluşyk serişdelerini öndürmäge goşandy barha artýar, munuň özi senagatyň şu pudagynyň yzygiderli ösüşi, şahsy telekeçiligiň döwlet tarapyndan höweslendiriliş çäreleriniň, şeýle hem toplumlaýyn özgertmeleriň sebit maksatnamasynyň we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilendir.

Sebitde gurluşyk serişdeleriniň giň görnüşini çykarýan hususy önümçilikleriň birnäçesi üstünlikli iş alyp barýarlar. Olaryň arasynda kafel plitalaryny we keramiki kerpiç, şol sanda bezeglik kerpiçleri, şeýle hem guýma demirden bezeglik önümleri çykarýan kiçi zawodlar bar.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Galkynan ykbal» hususy kärhnasy Daşoguzda suwly-emulsiýaly reňk we kafel ýelimini çykarýan täze kärhana gurar. Munuň üçin şahsy düzüme bir gektar ýer uzak möhletleýin ulanmaga bölünip berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy ýylda 3 müň kub metr demir-beton önümlerini, şol sanda dürli diametrli turbalary öndürýän zawodyň gurluşygyny alyp barýar.