Tematiki sergide çagalar hakda we çagalar üçin eserlerden başga-da, bu ýerde çagalar suraty bäsleşigine gatnaşan ýaşajyk nakgaşlaryň işleri-de goýlupdyr. Açyk, päk ýürek töründen dörän ýagşy duýgylara baý işler ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleriniň dünýägarýşy, üstünlikleridir höwesleri, olaryň döredijilik çäginiň giňligi barada gürrüň berýär.
Arhiw fotosuratlary, arheologik raritetler we serginiň etnografiýa bölüminiň kolleksiýasy geçmişe nazar salmaga mümkinçilik berse, ýurduň häzirki güni barada gürrüň berýän eksponatlar bolsa Türkmen döwletiniň çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin şertler döretmek boýunça durmuşa geçirýän syýasaty, çagalaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan özgertmeleri beýan edýär.