Ï Telekeçiler guşçulykda gutarnykly önümçilik tapgyryny döredýärler we ekotehnologiýa ulanýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiler guşçulykda gutarnykly önümçilik tapgyryny döredýärler we ekotehnologiýa ulanýarlar

view-icon 3769
Guşçulyk ýurduň obasenagat toplumy ulgamynda önümçilik-ykdysady pudak hökmünde sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun tutýar. Toplumlaýyn döwlet goldawy netijesinde hususy telekeçiler bu ugry işjeň ösdürýärler.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän «Nurly meýdan» köpugurly daýhan hojalygynyň düzüminde iri guşçulyk toplumy üstünlikli iş alyp barýar. 2013-nji ýylda döredilen şahsy düzümiň ygtyýarynda 393 gektar ýer bolup, onuň 343,7 gektarynda iýmlik ekinler ýetişdirilýär.

Hojalygyň täze binalarynyň hatarynda ýylda 20 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk fermasy bar. Telekeçiler köne guşçulyk fermasyny hususylaşdyrdylar we onuň durkuny doly täzeläp, döwrebap tehnologiýalardyr enjamlary ulanmagyň hasabyna fermanyň mümkinçiligini giňeltdiler.

«Nurly meýdan» daýhan hojalygy ete niýetlenen jüýjeleri ýetişdirmäge ýörüteleşdirilendir. Bu ýerde ýylda 120 million ýýumurtgadan emeli ýol bilen jüýje çykarmaga niýetlenen ýurtda iň kuwwatly awtomatizirlenen toplum guruldy we guşlar üçin granulirlenen hem gury iým çykarýan zawod işe girizildi. Onuň işe girizilmegi bilen kärhanada guş ýetişdirmek, olary iýmlemek we towuk etini, şeýle hem inkubasion ýumurtga öndürmegiň gutarnykly tapgyry döredildi.

Hindi towugyny ýetişdirmek boýunça toplum döreden «Maksada okgunly» kompaniýasy bolsa guşçulygyň geljegi uly ýene bir ugruny ösdürýär. Bu telekeçilik pudagyny wagyz etmek maksady bilen telekeçilik düzüminiň hünärmenleri kiçeňräk fermer hojalyklarynyň eýelerine nindi towugyny ýetişdirmegiň öri-ketek tehnologiýasyny berdiler.

Ençeme artykmaçlyklary bolan, şol sanda az çykdajyly, ýokary girdeji berýän, Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrylan tehnologiýanyň elýeterliligne hem-de girdejilidigine Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň fermerleri eýýäm göz ýetirdiler. Olaryň döreden möwsümleýin ketekleri hindi towuklaryny giň öri meýdanlarynda saklamaga, ýokary önümli sürüni arassa iýmde ýetişdirmäge we arassa et öndürmäge mümkinçilik berýär.

Toplumyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimowyň belleýşi ýaly, arassa hindi towugynyň etini öndürmek üçin ýokary hasylly ekinli öri meýdanlarynyň ähmiýeti uludyr. Guşlary gezimine ýetişdirmegiň özüne düşýän gymmaty ýörüteleşdirilen hojalyklaryň çykdajylaryndan dört esse arzan düşýär, guş etiniň peýdaly sypatlary bolsa has ýokary bolýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hindi towuklaryny ýetişdirýän «Maksada okgunly» toplumy guşlary gezdirip ýetişdirmegi wagyz etmäge işjeň ýardam edýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri guş sakalýanlary okatmak ulgamyny işläp taýýarladylar. Inkubatorlary bolan hojalyk oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýerli şertlere uýgunlaşan hindi towugynyň jüýjleriniň sekiz müňden gowragyny berdiler.

Maksat Ibragimowyň işläp taýýarlan telekeçilik meýinamasy öz wagtynda önümçiligi ösdürmek üçin ýeňillikli karz serişde bermäge we kärhanany gurmak üçin ýer bölmäge perspektiwaly diýlip ykrar edilipdi.

Döwlet tarapyndan berlen serişdäniň hasabyna inkubasiýa üçin toplum guruldy we Petersime kompaniýasynda ýylda 730000 hindi towugynyň jüýjesini çykarmaga hem-de diri agramy 13800 baş guş almaga mümkinçilik berýän innowasion inkubatoriýalaryň dördüsi satyn alyndy.

Mundan başga-da, telekeçiler ýokary tenologiýaly ketekleriň 22-siniň we Ýewropanyň bu ugurdan enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen iým öndürýän zawodyň gurluşygyna başladylar. Öňdebaryjy tehnologiýlaryň ulanylmagy netijesinde guşçulyk toplumynda ýylda 11000 tonna hindi towgunyň eti öndüriler.

Guşçylar mäkiler sürüsini döretmegi we inkubatorlardan çykan ýumurtgalarydyr jüýjeleri eksport etmegi niýet edinýärler. Zawodda hindi towuklary üçin ýörite iým taýýarlanylar, onuň düzüminde Hazar balykgulagy, ýorunja bedesi, pagta çigit ýagy, proteinlere baý süňk uny bolar. Şeýlelik bilen, telekeçiler galyndysyz önümçiligi ýola goýmagy göz öňünde tutýarlar.