Natalýa Kalugina şahyryň goşgylarynyň birinden ruhlanyp, şahyrana manzar çekipdir. Meýdan bägülleriniň näzik gözelligi, mahmal otlaryň ýaşyl öwüşgini, gülleriň gülgüne röwüşi – Pyragynyň ajaýyp setirlerine kybap görünýär.
Natalýa Kaluginanyň beýleki bir ajaýyp manzary ady rowata öwrülen Magtymyň aramgähine syýahata çagyrýar. Balkan welaýatynyň bu gözel künjegi Köpetdagyň tebigy ajaplygynyň fonunda şekillendirilipdir.
Güneş Rozygulyýewanyň «Çeşme» atly işi Magtymgulynyň ylham alan topragynyň ýene bir waspy. Güneş reňki ulanmagyň pasta tilsiminden peýdalanypdyr. Suratyň ýordumynda sazlaşyk duýulýar.
Aýgözel Çakanowanyň «Ýagyş ýagandan soň» atly suraty baharyň ter reňklerine ýugrulan, onda sazlaşyk we tereňlik görünýär.
Kössek Nurmyradow sergä iki işini hödürläpdir. Olaryň her birinde Gündogaryň özboluşlylygy we köp owazlylygy duýulýar. «Tamdyr» atly suraty türkmen halkynyň açyklygyny we myhmansöýerligini beýan edýär. «Ak öý» diýen eseri bolsa milli toý-dabaranyň waspyny ýetirýär.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň «Gülli meýdan» atly many babatda göwrümli we milli medeniýetiň baý röwüşlerini beýan edýän suraty türkmen topragynyň üýtgeşik tebigy we ruhy ýadygärlikleri hakda žiwopis eserleriniň şahyrana girişi bolup görünýär.