Ï Lebap welaýatynda täze sement önümçiliginiň gurluşygyna başlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda täze sement önümçiliginiň gurluşygyna başlanyldy

view-icon 1365
Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 milllion tonna sement öndürmäge niýetlenen zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna girişildi. Häzirki wagtda tehniki resminamalar, 37 gektardan gowrak ýeri tutuýan senagat zolagynda önümçilik we kömekçi binalaryň düýbüni tutmak üçin ýerler taýýarlanylýar.

Möhüm taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti amala aşyrýar. Bu şahsy düzümiň hünärmenleri 2,5 ýylda gurluşyk-gurnama işleriniň uly möçberini ýerine ýetirmeli, şeýle hem tehnologik we kömekçi enjamlary sazlamaly, elektrik, suw, gaz üpjünçiligi we lagym ulgamlaryny, demir ýol çekmeli hem-de kärhanany 2022-nji ýylda doly taýýar edip, ulanmaga tabşyrmaly bolarlar.

Tehnologik işleri dolandyrmak we olara gözegçilik esasy binada ýerleşdiriljek döwrebap kompýuter ulgamy arkaly amala aşyrylar. Bu ýerde işgärleriň ýokary netijeli işlemegi we dynç almagy üçin amatly şertler göz öňünde tutulan.

Baý tebigy çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap kärhanalary döretmek, häsiýetleri boýunça daşary ýurtlaryňkydan pes gelmeýän gurluşyk materiallarynyň giň görnüşini öndürmek zerurlygy – milli ykdysadyýetiň senagat taýdan ösdürmek we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden wajyp wezipeleriň biridir.

Sement öndürmek üçin zerur çig malyň ählisiniň – hek daşynyň, toýunyň, gipsiň, kwars çägesiniň şu ýerden alynýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň bu günorta-gündogar sebitinde özboluşly ýerüsti we ýerasty çig mal serişdeleri bar. Magdanly-Garlyk sebitinde geçirilen geologiýa barlaglarynyň netijesinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda minerallaryň we gaýry gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň 30-dan gowrak görnüşiniň bardygy tassyklanyldy.

Bu ýerde daş we kaliý duzlarynyň, gipsiň, angidridleriň, şeýle hem elektron senagatynda ulanylýan selestiniň iri ýataklary jemlenendir, daglyk ülkäniň ýerastynda germaniý, seriý, tantal, rubidiý we beýleki seýrek duşýan metallar bardyr.

Şu ýyl bu çig mal serişdeleriniň binýadynda hatarynda gurluşyk materiallarynyň giň görnüşleriniň önümçilginiň tutuş tapgyry bolan Köýtendag gazylyp alynmaýan magdanlar müdirligi döredildi.