Men bu gün ýaş türkmen zergärleriniň biri, «Mukam» kompozisiýasynyň awtory Orazguly Kakaýew barada gürrüň bermekçi, Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň amaly-haşam sungatynyň we däp bolan senetçilik işleriniň beýleki nusgalary bilen tanyşmaga gelýänler, şol sanda şu ýylyň tomsunda welaýatda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşanlar hem onuň bu işine üns berdiler.
Metaforaly kompozisiýada dutar we skripka açary esasy orun tutýar, owadan tawuslaryň üçüsi bolsa onuň ýordumyna sazlaşyk berýär.
Men Orazgulydan: - «Zergärlik «sazyňyz» näme aňladýar?» - diýip soradym.
-Tawus gözelligiň, dutar – milli özboluşlylygyň, skripka açary bolsa saz diliniň, umuman sungat diliniň hemmä düşnüklidigini aňladýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Orazguly Kakaýew häzirki wagtda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň çagalar sungat mekdebinde zergärlik ugrundan sapak berýär. Ol öz ýolbaşçylygynda dört ýyllap metaly çeperçilik taýdan işlemegiň esaslaryny öwrenen okuwçylarynyň ilkinji goýberilişiniň bolandygna buýsanýar.
-Şol döwürde çagalara näme öwretdiňiz?
-Olar ýüzük we beýleki ýeňilräk şaý-sepleri ýasap bilýärler. Olaryň ünsüni çekýän esasy zadym – obrazly pikirlenmäni, ideýany işiňde beýan etmegi öwredýärin. Biziň kärimizde zehin bar zada hötde gelmeýär. Ussatlygyň belentliklerine ýol gözlegleri, batyrgaý ideýaly, erjelligi we zähmetsöýerligi talap edýär.
...Adatça zergärlik käriniň syrlary atadan ogla geçýän bolsa-da, Orazgulynyň aňyrsynda zergär bolan ýok. Ol ekarançylar maşgalasynda ösüp kemala geldi. Orazguly çaga döwrem simden ýasaýan gelşikli oýunjaklary bilen göreni haýran ederdi. Kär saýlamaly bolanda ol milli zergärlik sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenmek üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny saýlady. Zehinli zergär öz halypalaryny minnetdarlyk bilen ýatlaýar, olaryň ýolbaşçylygynda Orazguly metaldyr daşlary işlemegiň syrlaryny, kompozisiýa sazlaşygy we bezeg tilsimlerini öwrendi.
Ussadyň döredijiligi barada doly düşünje almak üçin ondan beýleki işlerini-de görkezmegi haýyş etdim. Ol gymmatly metalyň haýran ediji bezegli we hakyky daşlar salnan kolýeleri bilen milli usuldaky gülýakalary görkezdi.
-Metallaryň haýsy bilen işlemek ýeňil?
-Altyn we kümüş bilen işlemek aňsat. Bu gymmatbaha metallar ýumşak hem maýyşgak bolany üçin olary dürli hilde işläp, reňk we daş görnüşleri babatda dürli tilsimleri synap bolýar. Milli wintaž şaý-sepleri ýasamak üçin mis-de ulanylýar.
Işleri ussa barada köp zat gürrüň berip biler. Orazguly Kakaýewiň eserleri onuň özboluşly usulyna, baý çeperçilik hyýalyna we gadymy sungata täze tilsimleri, kreatiw dizaýnerlik ideýalary goşmaga höwesine şaýatlyk edýär. Hemişe gözlegde bolýan we söýen kärine imrigen zergäriň özboluşly işleriniň diňe bir ajap duýgylary döretmän, eýsem köpgyraňly sungata garaýşymyzy üýtgetmegimize hem mümkinçilik berýär. Ol öz tejribesini we kär syrlaryny öwredip, zergärçilik sungatynyň ýaşajyk ussalaryna milli däplere sarpa goýmagy sargap, bu käriň dowam etdirilmegine goşant goşýar.