Lebap welaýatynyň Halaçdaky çeper halyçylyk fabriginiň işgärleri 9 aýyň meýilnamasyny wagtyndan öň ýerine ýetirdiler. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 7,3 müň inedördül metre golaý haly we haly önümleri dokaldy, onuň 845 inedördül metri tabşyrykda bellenilendäkiden ýokarydyr.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde haly önümleriniň harytlyk möçberi 13, pul möçberinde 38 göterim artdy. Ýokary çeperçilikli el halylaryna içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. 2 müň 300 adam işleýän kärhanada gurluşynyň üýtgeşikligi, dürli reňkleri, öte syklygy bilen özüne bendi edýän, şol sanda hususy tabşyryklar boýunça dürli görnüşli we ölçegli halylar dokalýar.
Islegli önümiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen Halaç etrabynyň «Güýç birleşik» obasynda fabrigiň şahamçasy gurulýar. Onuň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 100-si dörediler.