Zerur taýýarlyk işleri Sadulla Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde işleýän pagta arassalaýjy kärhanada we kabul ediş nokatlarynda hem tamamlandy.
Ugurdaş oba hojalyk tehnikalarynyň ählisi, şol sanda ýokary öndürijilikli John Deere kombaýnlarynyň 156-sy, şeýle hem
Özbegistanda öndürilen «МХ-1,8» kysymly traktorlara dakylýan pagta ýygyjy enjamlar taýýarlanyldy. Pagta ýygymynyň öň ýanynda sebite döwlet tarapyndan satyn alnan kombaýnlaryň täze tapgyrynyň gelip gowşandygyny bellemek gerek.
Ýygnalan hasyly daşamakda ýük awtoulaglarynyň we tirkegli traktorlaryň 1832-si ulanylar. Şu ýyl demirgazyk sebitiň ekarançylary 155 müň gektar ýerden azyndan 275 müň tonna «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.