Gysga wagtda ýetişýän noýba aralyk ekin hökmünde ulanylýar. Noýba topragy azoda baýlaşdyrýar, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. S.A. Nyýazow adyndaky etrapda şu ýyl 35 gektar ýere noýba ekildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ak noýba 30 gektar meýdan, jemi Daşoguz welaýtynda bolsa kösükli ekinler 250 gektar ýer tutýar.
Bu kösükli ekiniň düzüminiň 20 göteriminden gowragynda ýokary hilli ösümlik belogy bar. Noýbada B topar witaminler bolup, ol kletçatka, foliý turşusyna baýdyr, şeýle hem düzüminde ýürek-damar ulgamyna oňaýly täsir edýän kaliý, magniý, sink, mis bar.
Çalt bişýän, datly tagam noýba her dürli milli tagamlary, şol sanda dümew döwri maslahat berilýän ajy gyzyl burçly unaş taýýarlamakda hem ulanylýar. Şeýle hem ak noýba kosmetologiýada we halk tebipçiliginde peýdalanylýar.
Sebitiň eakrançylarynyň köpüsiniň ozal diňe melleklerde ekilen ak noýbany ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplandygyny bellemek gerek.