Maldarçylykda öri meýdanlarynyň ulanylmagy oba hojalygynyň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Daşoguz welaýatynda bu ulgamda dowarlary we düýeleri öri meýdanlarynda bakmaga ýörüteleşdirilen iri hojalyklaryň ikisi bar. Olar mal bakmak üçin arzan ot-iým çeşmesi bolan gum içindäki meýdanlardan peýdalanýarlar. Ýöne hojalygy netijeli ýöretmek, şol sanda maldarçylyk önümleriniň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak üçin sürileri gowy hilli suw bilen öz wagtynda üpjün etmek gerek. Şonuň üçinem Türkmenistanyň demirgazygynyň öri meýdanlarynda diňe soňky ýyllarda ençeme müň gektar ýerde sürüni suwa ýakmaga mümkinçilik berýän dürli çuňlukly täze guýylaryň onlarçasy gazyldy. Şol bir wagtyň özünde hereket edýän desgalaryň birnäçesi täzelendi.
Öri meýdanlaryny suw bilen durnukly üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar
«Daşoguzörisuw» abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri şu ýyl Görogly etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlarynda guýylaryň üçüsiniň durkuny täzelediler. Bu gidrodesgalaryň diwarlaryny berkitmek, olaryň ýykylmagynyň we hapalanmagynyň öňüni almak boýunça hem-de beýleki işlerden jemi 60 müň manatlyk iş ýerine ýetirildi.