Sergi üç bölümden ybarat. Onuň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan birinji bölüminde ýurduň taryhynyň şanly wakalary barada gürrüň berilýär. Türkmenleriň köpasyrlyk taryhy döwürde guran uly döwletleriniň baýdaklary, olaryň merkezinde bolsa Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýaşyl baýdagy çekilen surat sergide esasy orun tutýar.
Serginiň beýleki bir bölüminde ýerleşdirilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde ýurduň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky şanly wakalaryna we ýeten derejesine ylmy taýdan delillendirilen seljerme, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berilýär.
Tematiki serginiň çeperçilik bölüminde žiwopis, haly we zergärçilik sungatynyň eserleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Muzeýinden gymmatly metallardan we daşlardan ýasalan sowgatlyk kompozisiýalar goýlupdyr. Ýokary çeperçilikli eksponatlar türkmen medeniýetiniň ösüşini, däpleriň we täzelikleriň sazlaşygyny görkezýär.